Русские видео

Сейчас в тренде

Иностранные видео


Скачать с ютуб Aşgabatda BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň sebitleýin wekili bilen duşuşyk geçdi в хорошем качестве

Aşgabatda BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň sebitleýin wekili bilen duşuşyk geçdi 10 месяцев назад


Если кнопки скачивания не загрузились НАЖМИТЕ ЗДЕСЬ или обновите страницу
Если возникают проблемы со скачиванием, пожалуйста напишите в поддержку по адресу внизу страницы.
Спасибо за использование сервиса savevideohd.ru



Aşgabatda BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň sebitleýin wekili bilen duşuşyk geçdi

2024-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň (OHCHR) Merkezi Aziýa boýunça edarasynyň sebitleýin wekili Matilda Bogner bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada pikir alyşdylar. Şunda milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanda adam hukuklary babatynda borçnamalary netijeli ýerine ýetirmek maksady bilen, döwletimiziň degişli halkara guramalary bilen, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde alyp barýan ysnyşykly we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi. Zenanlar hakynda alada etmek, olaryň jemgyýetde tutýan ornuny has-da ýokarlandyrmak, çagalary goramak Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýöredýän döwlet syýasatynda ileri tutulýan esasy ugurlaryň biridir. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň zenanlarynyň öz hünärini erkin saýlamagy, mynasyp bilim almagy, çagalaryň eşretli durmuşda bagtyýar ýaşamagy üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilendir. Ýurdumyz aýal-gyzlaryň, çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarlydygyny anyk işler bilen subut edýär. Taraplar Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň işi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy OHCHR-nyň adam hukuklary babatynda milli maksatnamalary we meýilnamalary durmuşa geçirmäge goşýan goşandynyň, hususan-da, «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasyny» durmuşa geçirmegiň möhüm ähmiýetini belläp geçdi. #turkmenistan #news #maslahat

Comments