Русские видео

Сейчас в тренде

Иностранные видео


Скачать с ютуб HG: Mineral dökün ýetmezçiligi bilen bagly aladalar sebäpli, Türkmenabadyň dökün zawody 'çagşaýar' в хорошем качестве

HG: Mineral dökün ýetmezçiligi bilen bagly aladalar sebäpli, Türkmenabadyň dökün zawody 'çagşaýar' 6 дней назад


Если кнопки скачивания не загрузились НАЖМИТЕ ЗДЕСЬ или обновите страницу
Если возникают проблемы со скачиванием, пожалуйста напишите в поддержку по адресу внизу страницы.
Спасибо за использование сервиса savevideohd.ru



HG: Mineral dökün ýetmezçiligi bilen bagly aladalar sebäpli, Türkmenabadyň dökün zawody 'çagşaýar'

Şu günki programmamyzda: Soňky hepdede ýurduň dürli sebitlerinde hususy dükanlaryň we awtoýuwalgalaryň ýapyk durmagy ilat köpçüligine erbet täsir ýetirdi. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň bu barada beren maglumatlaryna görä, agşamlaryna we gijelerine işleýän dükanlardan ilatyň uly bölegi peýdalanýardy. Awtoýuwalgalara-da uly zerurlyk döreýär. Lebaply daýhanlar mineral dökünleriň ýetmezçilik edýändigini aýdýan mahaly, döwlet metbugaty ýurtda öndürilýän dökünleriň ýerli sarp edijileri kanagatlandyrýandygyny ileri sürýär. Bu aralykda, sebitdäki iri himiýa zawodynda köne enjamlaryň yzygiderli hatardan çykmagy önümçiligiň depginini gowşadýar. NATO-nyň daşary işler ministrleri 3-nji aprelde, Brýusselde iki günlük duşuşygyna başlaýarlar. Gün tertibinde Ýaranlygyň goranmak ukybyny güýçlendirmek bilen baglanyşykly meseleler bar. Duşuşyk ABŞ-nyň Ýewropadaky hyzmatdaşlaryna harby çykdajylary artdyrmak boýunça basyşy güýçlendirýän döwrüne gabat gelýär. Habarlaşmak üçin: • Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383 • Telegram: @Azathabar #habarlar

Comments